Gün energiýasynyň oba hojalygyndaky orny

23 Ýanwar 2024
570

Häzirki döwürde tebigy baýlyklarymyzy geljekki nesiller üçin gorap saklamak maksady bilen, ekologiýa taýdan arassa önüm bolan energiýanyň alternatiw, adaty däl, gaýtadan dikeldilýän çeşmelerinde yzygiderli ylmy-barlag işleri geçirilip, bu ugurda uly açyşlar edilýär. Gün energiýasy dünýäde iň amatly we ekologiýa taýdan arassa energiýa çeşmeleriniň biridir. Ol soňky ýyllarda oba hojalygy ulgamynda giňden peýdalanylyp başlandy. Bu ulgamda Gün energiýasynyň ulanylmagy ykdysady, daşky gurşaw we sosial meseleleri çözmäge mümkinçilik berýär.

Oba hojalygynda Gün energiýasyny ulanmagyň ilkinji we ähtimal iň möhüm tarapy, energiýa çykdajylaryny tygşytlamak ukybydyr. Gün panelleri elektrik nasoslary, suwaryş, yşyklandyryş we beýleki ýagdaýlar üçin ulanylyp bilner. Bu adaty energiýa çeşmelerine baglylygy, energiýa çykdajylaryny azaldýar.

Isa BABAÝEW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň esasy hünärmeni.