Bedenterbiýe we sport ulgamy

22 Ýanwar 2024
441

«7/24. tm» № 04 (191), 22.01.2024

Be­den­ter­bi­ýe we sport sag­dyn­lyk bi­len berk bag­lany­şyk­ly­dyr. Be­de­ni tap­la­ma­gyň öze­ni bol­sa ka­da­ly iý­mit­len­mek­den, ke­sel­le­riň öňü­ni alyş çä­re­le­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­mek­den, im­mu­ni­te­ti ýo­kar­lan­dyr­mak­dan hem-de be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­mak­dan yba­rat­dyr. He­re­ke­tiň pe­sel­me­gi äh­li ag­za­la­ryň iş­jeň­li­gi­ni gow­şad­ýar. So­nuň üçin hem, sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­mak hä­zir­ki dö­wür­de örän wa­jyp­dyr. Sport bi­len meş­gul­lan­mak, he­re­ket et­mek da­ýanç ul­ga­my­ny ber­ki­dýär, myş­sa­la­ryň göw­rü­mi­ni ulald­ýar, güý­jü­ni art­dyr­ýar, süňk­le­ri ber­kid­ýär. Şeý­le­lik­de, myş­sa­lar kis­lo­rod bi­len baý­laş­ýar. Sport bi­len meş­gul­lan­mak da­ýanç ul­ga­my­ny bir­nä­çe ke­sel­ler­den go­ra­ýar. Iş­jeň he­re­ket­ler nerw ul­ga­my­ny ber­kid­ýär, beý­ni­niň iş­jeň­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ýar. Be­den has çyl­şy­rym­ly daş­ky tä­sir­le­re çalt uý­gun­laş­ýar. Şo­nuň üçin hem spor­ty we be­den­ter­biýä­ni ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len top­lum­la­ýyn iş­le­re äh­li wa­tan­daş­la­ry­myz iş­jeň gat­naş­ýar­lar.