2023-nji ýylda Moldowa miweleriň eksportyny 82 göterim ýokarlandyrdy

21 Ýanwar 2024
431

2023-nji ýylda Moldowadan erigiň, üljäniň, alçanyň we şetdalynyň eksporty 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 82 göterim ýokarlandy. Bu maglumaty wise-premýer, ykdysady ösüş we sanlylaşdyrma ministri Dumitru Alaýba MOLDPRES-de beýan etdi.

Onuň sözlerine görä, bu miweleriň eksporty 81 million amerikan dollaryndan gowrak boldy. Eksportyň 61 göterimi Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlara iberildi. Moldowanyň miweleriniň esasy bazarlary Rumyniýa (16 göterim), Polşa (12 göterim), Germaniýa (10 göterim), Latwiýa (4 göterim) we Gollandiýa (3 göterim).

Taýýarlan: Erkin BEKIÝEW, TDBGI-niň talyby.