Maldarçylyk — oba hojalygyň wajyp ugry

18 Ýanwar 2024
720

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe maldarçylyk oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Mary welaýatyna iş saparynyň dowamynda Garagum sährasynyň jümmüşinde ýerleşýän Murgap etrabynyň «Maldar» maldarçylyk hojalygynyň öri meýdanlaryna baryp, çopan bilen hal-ahwal soraşmagy, olaryň alyp barýan işleri, dowarlaryň ýagdaýy bilen gyzyklanmagy maldarçylyga döwlet derejesinde üns berilýändigini aýdyň şöhlelendirýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda maldarçylygyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça işleriň dowam etdirilmegi hem meýilleşdirilýär. Şonuň bilen birlikde, Milli maksatnamada mallaryň we guşlaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, maldarçylygyň ot-iým binýadyny gowulandyrmak boýunça çäreleri amala aşyrmak bellenilýär. Hususan-da, maldarçylyk toplumlary ot-iýmleri gaýtadan işlemek üçin enjamlar bilen üpjünçiligine ýardam edilmegi, ekerançylykda gowaça-ýorunja ekin dolanyşygynyň ornaşdyrylmagyny dowam etdirmek wezipeleri kesgitlenen.

Ýagmyr NURYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory.