Daýhan bagty toprakda

17 Ýanwar 2024
804

Akdepe etrabynyň «Babadaýhan» daýhan birleşiginiň kärendeçiler toparynyň ýolbaşçysy Arazgylyç Arazgylyjow bir sapar özara gürrüňdeşlikde şeýle diýdi: «Biziň topragymyzda ussat gallaçylaryň ençemesi bar. Olaryň biri hökmünde Durdymyrat Jamanowyň adyny tutmak bolar. Sebäbi ol daýhançylyk babatda başgalardan has öňe saýlanýar».

Şu sözlerden soň, bu daýhana duşmak meýli dörese-de, wagty bilen mümkinçilik bolmady. Ýöne geçen ýylyň güýzünde, has anygy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramynyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň öňdebaryjy oba hojalyk işgärleriniň bir toparyny ýokary döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky Permanyny gazetde okanymda, Durdymyrat Jamanowyň adyna hem gabat geldim. Şonda ol Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanylypdyr. Bu habar Arazgylyjyň sözlerini doly tassyklap, gürrüňi edilýän daýhanyň ýanyna ýörite barmagyma sebäp boldy.

Gutly MYRADOW.