Sitrus miweleriniň saglyga peýdasy

17 Ýanwar 2024
479

Sitrus miwelerine, esasan hem, gyş aýlarynda köp isleg bildirilýär. Olar düzüminde ynsan saglygyna peýdaly bolan köpsanly ýokumlary saklaýar. Sitrus miweleriniň düzümindäki C ýokumy diňe bir immun ulgamyny berkitmän, eýsem, bedeniň öýjüklerini daşky gurşawyň ýaramaz täsirlerinden goraýar we wagtyndan öň garramagynyň öňüni alýar. Şeýle-de olaryň düzüminde köp mukdarda B ýokumy bar. Bu bolsa ukusyzlygyň öňüni alýar, deriniň, saçyň saglygyny berkidýär. Mundan başga-da adamyň hemişe keýpiçag bolmagyna ýardam edýär. Miweleriň düzümindäki fitonsidler bolsa mörjewleriň hem-de zyýanly kömelekleriň köpelmeginiň öňüni alýar. Mysal üçin, limon dümew keselini bejermekde we öňüni almakda iň köp ulanylýan miwe bolup, askorbin turşusyna baýdyr. Bu miwäniň işdä açyjy, bedenden zäherli maddalary çykaryjy, madda çalşygyny güýçlendiriji täsiri bar. Ary baly bilen bilelikde ulanylanda, limonyň bejerijilik täsiri has-da artýar.

Pyrtykal ýokumlara iň baý sitrus miwesidir. Ol düzüminde askorbin turşusyny, minerallary, flawonoidleri, fitoelementleri saklaýar. Ondaky A ýokumy gözüň görejine we derä gowy täsir edýär. Pyrtykal düzüminde saklanýan pektiniň hasabyna iýmit siňdiriş ulgamyna, şekeriň hasabyna bolsa kelle beýnisiniň işine öz oňaýly täsirini ýetirýär.

Altyn TURAPOWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.