Hyzmatlardan hemmeler hoşal

17 Ýanwar 2024
508

Saýat etrabynyň ýaşaýjylary her gezek etrap hassahanasynyň deňinden geçenlerinde diňe bir onuň şähere görk berip duran binagärlik aýratynlygyna däl-de, eýsem, mümkinçiliklerine hem guwanýarlar. Durky täzelenilip, mümkinçilikleri doly döwrebaplaşdyrylan hassahana etrabyň ýaşaýjylarynyň saglyk hyzmatlary üçin ýol söküp ýörmek zerurlygyny aradan aýyrdy.

Onda-da nähili saglyk hyzmatlary?! Tomografiýa, fizioterapiýa ýaly has ösen saglyk merkezlerinde ýola goýlan hyzmatlar indi Saýada-da göçüp geldi. Bir mahallar bu saglyk hyzmatlary üçin Aşgabada, iň bärkisi Türkmenabada gitmeli bolýardy. Etrapdaky ilkinji tomografiýa enjamynyň kömegi bilen adamlara saglyk paýlaýan tejribeli lukman Merdan Agamämmedow indi keselleri has takyk anyklap bilýändiklerini, munuň bolsa bejerginiň öz wagtynda we takyk berilmegine ýardam edýändigini aýdýar.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.