Mekdep okuwçylary erjelligini görkezdi

17 Ýanwar 2024
661

“Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, welaýat Baş bilim müdirligi we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan welaýatymyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar yzygiderli guralýar. Umumybilim berýän mekdepleriň 8-9 ýaşdan uly bolmadyk okuwçylarynyň arasynda geçirilen şadyýan estafeta bäsleşigi hem uly gyzyklanma döreden ýaryşlaryň biri boldy.

“Biz Oguzhan nesli” atly şadyýan estafeta bäsleşiginiň Babadaýhan etrap tapgyry etrapdaky 19-njy orta mekdepde geçip, oňa orta mekdeplerden toparlar gatnaşdy. Ýaş nesliň sporta höwesiniň uludygyna, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýändiklerine bäsleşigiň barşynda göz ýetirmek örän ýakymly boldy. Çekeleşikli geçen ýaryşda ýer eýeleri—19-njy orta mekdebiň okuwçylary birinji orny eýeledi. Ikinji orna 17-nji, üçünji orna bolsa, 20-nji orta mekdepleriň toparlary mynasyp boldular.

Güljeren ÖWEZMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.