Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow: – Ýeňiş gazanmak siz bilen, alkyşlamak biz bilen!

6 Ýanwar 2024
565

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda sportuň, şol sanda onuň futbol görnüşiniň ösdürilmegine döwletimiz tarapyndan uly üns berlip, munuň üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Geçen ýylyň 25-nji dekabrynda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ýokary ligasynda üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň çempiony, final oýnunda ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp bolan Arkadag şäheriniň «Arkadag» futbol toparyna mundan beýläk-de ýeňişli ýollary arzuw etmegi hem-de topar üçin ýörite niýetlenen topda ýadygärlik ýazgy galdyrmagy, şeýle-de, döwlet Baştutanymyzyň

Buýrugyna laýyklykda,