Watana Söýgi –ähli üstünlikleriň gözbaşy

6 Ýanwar 2024
574

Futzal — sportuň ýaş görnüşleriniň biri. Muňa garamazdan, ol millionlaryň oýny hasaplanýan futboluň hem muşdaklarynyň köp bölegini özüne çekýär. Sportuň bu görnüşi boýunça ýakynda tamamlanan Türkmenistanyň çempionatyna, şeýle hem, Kubok bäsleşigine köp sanly janköýerleriň ýygnanmagy bu hakykaty aňryýany bilen subut edýär. Biziň Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Futzal bölüminiň başlygy Annanur Gulow bilen bu günki gürrüňdeşligimiz hem täze ýyldaky ilkinji söhbetdeşlik bolmak bilen, ýurdumyzyň futzaly, ony has-da ösdürmek bilen bagly meselelere syrygdy.

– Annanur, sizi türkmen futzalynyň ilkinji kerpiçleriniň goýulýan döwründen bäri tanaýarys. Türkmenistanyň IIM-niň «Asudalyk» toparynda çykyş edeniňizem janköýerleriň ýadynda bolsa gerek. Söhbetimize futzala gelşiň baradaky gürrüňden başlaýaly.

Söhbetdeş bolan Goçnazar HEŞDEKOW.
«Türkmen sporty».