Taryha altyn harplar bilen ýazylan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly türkmen ýaşlarynyň döşüne altyndan bagt dakdy. Ýaşlar hem, öz gezeginde, gazanan üstünlikleri, ýeňişleri bilen ýylyň şanyna şan goşdular. Şeýlelikde Watan perzentlerini, perzentleri bolsa Watanyny beýgeltdiler. Hem ýaşlarymyzyň, hem döwletimiziň şanyna şan goşan wakalaryň iň esasylarynyň biri geçen ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyzda geçirilen kuraş boýunça dünýä çempionatynda türgenlerimiziň gazanan üstünlikleridir. Çempionatda milli ýygyndymyzyň wekilleriniň ählisi medallara mynasyp boldy. Olaryň 5-sine «Dünýä çempiony» diýen arzyly adyň eýesi bolmak bagty miýesser etdi. 27-nji dekabrda paýtagtymyzda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen halkara maslahatda bolsa dünýä çempionlaryna we olaryň tälimçilerine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýeňil awtoulaglaryň açarlary gowşuryldy. Täze ýyl baýramynyň geçirilýän günlerinde welaýatymyza Şa serpaýlary bilen dolanyp gelen tälimçilerdir türgenler kalbyna dolan buýsanjy şeýle sözler bilen beýan etdiler:
Şirin KUBAÝEWA, Türkmenabat şäherindäki 7-nji sport mekdebiniň tälimçisi: