«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023
Sport — dost-doganlygyň köprüsi. Bir-birege ýürekdeş dost bolmagy, ýakyndan hyzmatdaşlyk saklamagy ýola goýýan gymmatlyklaryň biri-de sport syýasatydyr. Häzirki wagtda dünýä ýüzünde bedenterbiýäniň we sportuň gülläp ösmegi netijesinde ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlyk, tejribe alyşmak, dost-doganlyk ýörelgeleri has-da berkeýär. Sport ugrundan geçirilýän Aziýa we dünýä çempionatlary ýurtlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny, köptaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlyklary, özara düşünişmegi giňden ýola goýýar. Bu babatda dünýäniň ünsüni çekýän sport bäsleşikleriniň ähmiýeti diýseň uludyr.