«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023
BMG-niň Baş Assambleýasynda 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» hakynda kararnama kabul edildi. Türkmenistan degişli kararnamany Konstitusiýasyna ornaşdyran ýeke-täk döwletdir. Türkmenistanyň Bitaraplygy BMG-niň Baş Assambleýasynyň, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul eden Kararnamalary bilen ikinji gezek ykrar edildi. Bu ýurduň bitaraplyk derejesidir. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ählumumy ykrarnamasynyň ýene bir gezek kepillendirilmegi boldy. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda 71/275 belgili Kararnama biragyzdan kabul edildi. Onda Türkmenistanyň öňe süren teklibi bilen «12-nji dekabr — Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edildi.