«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023
Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklarymyz bu günki gün halkymyzyň millilikleriniň özboluşly beýanyna, milli aýratynlyklarymyzyň aňladylmasyna öwrüldi. Uzak asyrlyk geçmiş taryhyň dowamynda ata-babalarymyzyňdyr ene-mamalarymyzyň durmuş tejribesini, aň kämilligini özünde jemlän milli baýlyklarymyz häzirki wagtda tutuş dünýä ähmiýetli iri syýasy wakalar arkaly döwrebaplyga utgaşdyrylýar. Ýelden ýyndam gamyşgulak ahalteke bedewlerimiz ýurdumyzyň ösüşdir özgerişleriniň alamaty bolsa, çeper ellerden çykan türkmen halylarymyz halkymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň ruhy ahwalyny şöhlelendirýär, türkmen alabaý itleri bolsa garadangaýtmaz batyrlygy, edermenligi bilen ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlarynyň, dünýä çempionatlarynyň nyşanyna öwrüldi. Wepaly ady bilen meşhurlyga eýe bolan türkmen alabaýy her bir sport ýaryşynda türgenlerimizi täze ýeňişlere, belent sepgitlere ruhlandyrýar. Wepalynyň gaýduwsyzlygyndan täsirlenen türgenler oýunlarda şowly çykyş edip, ýurdumyzyň baýrak gaznasynyň goruny has-da baýlaşdyrýarlar.