«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda gurmagyň we döretmegiň ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda gurluşyk we binagärlik pudagynda uly sepgitler nazarlanýar. Sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde döredilen döwrebap durmuş şertleri, amatly ýaşaýyş mümkinçilikleri, işlemek, zähmet çekmek üçin guralan aňrybaş iş usullary babatynda hem bellidir. Şeýle amatlyklaryň ilkinjileriniň hatarynda, şäheri we şäher ilatyny elektrik energiýasy bilen üpjün etmek işi durýar. Sebäbi elektrik energiýasy dünýä derejesinde iň wajyp meseleleriň biri bolmagynda galýar. Durmuşymyzy elektrik energiýasy bolmazdan göz öňüne getirmek mümkin däl. Dünýäde döwrebap tehnologiýalaryň mümkinçilikleriniň artmagy bilen bu pudagy ösdürmek işleri has-da çaltlandyryldy.