«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023
Arkadag şäheri — sport bilen gurulýan bagtyýar geljegiň şäheri. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen birlikde sport ulgamy hem kämilleşdirilýär, döwrebaplaşdyrylýar. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen sport desgalary, toplumlar, stadionlar gurlup, ulanylmaga berilýär. Munuň özi ýurdumyzda halkyň saglygy, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sagdyn ýetişmegi ugrundaky aladanyň ähli zatdan ilerde durýandygyny görkezýär.