Ilimize şan getiren ýyl

26 Dekabr 2023
551

Tamamlanyp barýan 2023-nji ýyl — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly berkarar Watanymyz, ulus-ilimiz üçin şöhratly ýyllaryň biri bolup, taryhyň sahypalarynda zer harplar bilen ýazylar. Ýurdumyzyň ähli ugurlaryndaky okgunly ösüşleri, binagärlik açylyşlary, dürli derejedäki forumlar, Watanymyzyň şan-şöhratyny dabaralandyrýan beýleki taryhy wakalar tamamlanyp barýan ýylymyza şan goşýar.

Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň özi hem buýsandyryjy waka öwrüldi. Dünýäde deňi-taýy bolmadyk bu «akylly» şäher Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylan ajaýyp taslamadyr. Täze şäherde saglygy goraýyş ulgamyna degişli iň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary, kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan desgalaryň bolmagy hem aýratyn guwandyryjydyr.

Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologiki fiziologiýa kafedrasynyň mugallymy.