Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halkara sport abraýyny gün-günden belende galdyrmakda, köpçülikleýin sporty ösdürmekde we ony halkyň gündelik durmuşyna giňden ornaşdyrmakda, türkmen jemgyýetinde, ynsan ýaşaýşynda wajyp orny eýeleýän sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň wagyz etmekde hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işler barha giň gerime eýe bolýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» esasynda paýtagtymyzda we welaýatlarda ylmy-kliniki merkezler, şypahanalar, sportuň döwrebap görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredilen sport desgalary ulanylmaga berildi.
Türkmenistanyň ýokary derejeli sport ýaryşlaryny üstünlikli guraýan döwletleriň hataryna girendigini, şoňa laýyklykda, ýurdumyzda sportuň ösdürilmegine döredilýän giň mümkinçiliklere dünýä ýüzünde örän uly baha berilýändigini buýsanç bilen bellemek bolar. Muňa 2014-nji we 2018-nji ýyllarda Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA gatnaşyjy ýurtlaryň hem-de Hazarýaka döwletleriň mekdep okuwçylarynyň medeni-sport festiwallarynyň, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen guralan «Ýüpek ýoly-2009» rallisiniň, 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, 2018-nji ýylda «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisiniň, Agyr atletika hem-de ýakynda Kuraş boýunça dünýä çempionatlarynyň geçirilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.