Täze ýyl saçagy

18 Dekabr 2023
678

Baýramçylyk günleriniň, edil biziň isleýşimiz ýaly, ýatdagalyjy bolmagy üçin sagdyn durmuş ýörelgeleriniň dogry berjaý edilmegi zerurlyk bolup durýar. Her bir adamyň üns bermeli zady sagdyn iýmitlenmekdir. Bu, esasan hem, ýaş bäbekli enelere, gartaşan adamlara has möhümdir. Siz bereketli saçagyňyzda gök önümlerden dürli işdäaçarlary taýýarlap goýsaňyz, şol tagamlardan iýmek çagalara, hem ululara peýdaly bolar.

Çopan işdäaçary. Şuny her maşgala özüçe taýýarlap biler. Usuly ýönekeýje. Dogralan hyýar, pomidor, gök otlar, duza ýatyrylan zeýtun miwesi, peýnir ýaly önümler ýag bilen garyşdyrylsa ýaramly bolýar. Sebäbi şonda ýagdaky minerallar gowy saklanýar.

Ogulgerek BAÝLYÝEWA,
Gökdepe etrap köpugurly hassahanasynyň lukmany.