Diplomat bolmagy ýüregine düwen ýaş türgen

17 Dekabr 2023
693

TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Dürdäne Nazargylyjowa.

Sport — parahatçylygyň ilçisi. Şu ýörelgeden ugur alnyp, Türkmenistanda sport diplomatiýasyna aýratyn üns berilýär. Has anyk aýtsak, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan türkmen türgenlerine içerki we halkara ýaryşlara taýýarlanmak üçin ähli şertler döredilýär, dünýäni birleşdiriji güýç bolan sporta ýaş nesli has-da gyzyklandyrmak babatda uly tagallalar edilýär. Guwandyryjy tarapy ýurdumyzyň sport diplomatiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary hem özleriniň ýeňişleri bilen mynasyp goşant goşýarlar. Gazetiň şu sanynda şeýle ýaşlaryň biri, karateniň dürli görnüşleri boýunça Türkmenistanyň birnäçe gezek çempiony, karate boýunça 1-nji derejeli sport ussady, TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Dürdäne Nazargylyjowa bilen taýýarlanylan söhbetdeşligi okyjylarymyza ýetirmegi müwessa bildik.

Sahypany taýýarlan: Mätgurban MÄTGURBANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy hünäriniň talyby, «Biznes reklama».