Häzirki gyş möwsüminde ýiti respirator keseliniň öňüni almak möhümdir. Keselli adam üsgürende, asgyranda, gürleşende wirus howa ýaýraýar. Ýiti respirator keseli howa-damja ýoly bilen ýaýraýar.
Kesel wagty bedeniň gyzgyny ýokarlanyp, kellagyry, bogun agyry döräp, ondan soň üsgülewük, bokurdak agyry peýda bolýar. Şeýle ýagdaý bir hepdä çenli dowam edip bilýär.