UEFA Çempionlar Ligasynda toparçalardaky duşuşyklar tamamlanyp, 1/8 finala çykan klublaryň ählisi hem belli boldy. Ispaniýadan 4, Italiýadyr Germaniýadan 3, Angliýadan 2, Portugaliýadan, Daniýadan, Fransiýadan hem-de Niderlandlardan 1 klub 1/8 finala çykdy. UEFA Çempionlar Ligasynda 1/8 finalyň bijeleri 18-nji dekabrda, duşenbe güni çekiler.
«A» toparçadaky iň soňky duşuşyklaryň 2-si hem 1–0 hasabynda tamamlandy. 4-nji oýunlardan soň 1/8 finala çykan «Bawariýa» myhmançylykda «Mançester Ýunaýtedi» Kingsli Komanyň 70-nji minutdaky ýeke-täk goly bilen 1–0 hasabynda ýeňdi. «Bawariýa» toparynyň toparçalardaky ýeňilmezlik seriýasy 40 duşuşyga çykdy (36 ýeňiş, 4 deňlik). 4-nji orny eýelän «Mançester Ýunaýted» 15 gol geçirden ilkinji iňlis kluby boldy. «Ýunaýted» 6-njy gezek toparçadan çykyp bilmedi.