Nesil saglygy — ýurt baýlygy

14 Dekabr 2023
669

Çagalaryň iýmitlenme terbiýesi onuň ömrüniň ilkinji günlerinden başlap, mekdebe çenli döwrüni we ondan soňky döwürleri öz içine alýar.

Çaga nahary öz wagtynda we dogry iýmitlenmegi öwretmek wajypdyr. Nahary iýip bolanyndan soň, agzyny, elini ýuwmagy we süpürmegi çaga endik etdirmeli. Ýetginjekleriň gündelik iýmitleriniň düzüminde et we süýt önümleri bolmaly, sebäbi olar bedeniň dogry ösmegi üçin zerur bolan belogyň esasy çeşmesi bolup hyzmat edýär. Gowrulan we aşa duzly tagamlara ýykgyn etmeli däl. Gaýnadylan we buglanan tagamlar has peýdalydyr. Günüň dowamynda 4-5 gezek iymitlenmeli.Iýmit dürli-dürli bolmaly, ol bedeni zerur bolan iýmit maddalarynyň ählisi bilen üpjün etmeli. Çagalaryň bedeni, esasan, düzüminde belogy saklaýan iýmite mätäçdir. Çaganyň iýmitinde her gün gök önümler, ir-iýmişler, miweler bolmaly. Pasyllaýyn önümleri, milli tagamlary ulanyp, iýmit sanawynyň dürlüligini artdyrmaly.

Garagyz AKMYRADOWA,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň uly mugallymy.