Gahryman Arkadagymyz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglandy

26 Sentýabr 2023
413

«Türkmenistan Sport», № 3 (19), 2023

2023-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça Gahryman Arkadagymyz Duşenbe şäherinde iş saparynda boldy. Onuň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglandy. Bu ýokary derejeli sylag Gahryman Arkadagymyza Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda dostlugy, hoşniýetliligi, özara düşünişmegi, hyzmatdaşlygy ösdürmekde, sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmekde, dostlukly ýurtlaryň bilelikdäki bähbitlerinidir başlangyçlaryny halkara giňişlikde ösdürmekde bitiren ajaýyp hyzmatlary üçin berildi.