«Türkmenistan Sport», № 3 (19), 2023
Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan ajaýyp zamanasy Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, döwletiň, jemgyýetiň, mähriban halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak ýakymly wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilip, oňa Gahryman Arkadagymyzyň Başlyklyga bellenilmegi, Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen, Gahryman Arkadagymyza Türkmen halkynyň Milli Lideri diýen belent adyň dakylmagy halkymyzyň ýürek buýsanjyny artdyran, täze bir beýik eýýama ataran ýakymly wakadyr. Bu ajaýyp eýýama ähli halkymyzyň göwün islegi nazarda tutulyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy diýen buýsançly at dakyldy.