Saýasy şypaly baglar

27 Iýul 2023
1029

Jöwzaly yssyda saglygymyzy goramaga berýän ünsümizi artdyrmalydygymyzy bize lukmanlar maslahat berýärler. Şolaryň hatarynda günüň yssy bölegini salkyn, saýaly ýerde geçirmek hem maslahat berilýär. Şeýle salkyn ýerleri bize tebigatyň gözelligi bolan baglar bolluk bilen eçilýär. Ýurdumyzda saýaly agaçlaryň dürli görnüşleri ösýär.

Güjüm. Ýurdumyzdaky iň gür saýaly agaçlaryň biri güjümdir. Ol Daşoguz welaýatynyň çäginde köp ösýär. Başynda gümmez şekilli «täç» bolan bu daragtyň goýry saýasy jöwzadan ygtybarly penadyr. Belent boýly, uzak ýaşaýan güjüme başgaça garagaç hem diýilýär.

Arazbike JUMAÝEWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň hünärmeni.