"Biznes reklama" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 101/1
Telefon belgileri: 21-97-19, 21-97-61

Habarlar

Ab­ra­ka­dab­ra ja­dy­ly sö­züň ta­ry­hy

Ab­ra­ka­dab­ra! Ja­dy­nyň ny­şa­ny­na öw­rü­len bu söz di­ňe bir göz­bag­çy­lar ta­ra­pyn­dan ula­nyl­man, eý­sem, ar­zuw­la­ry­ňy ama­la aşy­ry­jy gud­rat­ly söz hök­mün­de ça­ga­lar ta­ra­pyn­dan hem ula­nyl­ýar. Köp­ler müň­ler­çe ýyl­lyk ta­ry­hy bo­lan bu sö­züň şy­pa be­ri­ji hä­si­ýe­ti­niň bar­dy­gy­na, er­bet güýç­ler­den go­ra­ýan­dy­gy­na ynan­ýar. Dür­li emel­le­ri gör­kez­ýän göz­bag­çy­lar tä­sin bir ýag­da­ýyň ýü­ze çyk­ma­gy üçin «ab­ra­ka­dab­ra» di­ýip gy­gyr­ýar. Şeý­le­lik­de, düý­bün­den bol­ma­jak bir gör­nüş köp­çü­li­giň öňün­de peý­da bol­ýar. My­sal üçin, şlýa­pa­nyň için­den tow­şan­jy­gyň gu­la­gy­ny üşerdip çyk­ma­gy, ýüzi şekilli kart­la­ryň hem­me­si­niň bir­meň­zeş açyl­ma­gy we ş.m. Ab­ra­ka­dab­ra ara­meý di­lin­dä­ki «avra keh­dab­ra» söz dü­zü­min­den ge­lip çy­kyp, «aý­dy­şym ýa­ly ed­ýä­rin, diý­şim ýa­ly dö­red­ýä­rin» di­ýen ma­ny­la­ry ber­ýär. Ta­ry­hyň do­wa­myn­da bu söz beý­le­ki dil­le­re-de ge­çip, gud­rat­ly söz hök­mün­de ynan­ja öw­rü­lip­dir.

Gyş pas­lyn­da iýil­me­li mi­we

Be­ýi (behi) adam sag­ly­gy üçin örän peý­da­ly mi­we­le­riň bi­ri­dir. Wi­ta­min­le­riň jem­le­nen ýe­ri ha­sap­lan­ýan bu mi­wäniň iý­mit siň­di­riş ag­za­la­ryn­dan baş­lap, ýü­rek-da­mar ul­ga­my­na çen­li bir­nä­çe peý­da­sy bar. Güýz pas­lyn­da ýe­tiş­ýän we ýaz pas­ly­na çen­li za­ýa­lan­man sak­lan­ýan bu mi­we­den ter­li­gi­ne iý­mek bi­len bir ha­tar­da, şer­bet, mü­rep­be, mar­me­lad taý­ýar­lap bol­ýar. Be­ýi ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri halk luk­man­çy­ly­gyn­da ula­ny­lyp ge­lin­ýän mi­weleriň bi­ri­dir. Agajyň ýap­ra­gy, mi­we­si we çi­gi­di der­de der­man ha­sap­lan­ýan bu mi­we gyş pas­lyn­da iý­me­li mi­we­le­riň bi­ri­dir. Be­ýi­niň dü­zü­min­de er­kin ra­di­kal­la­ra gar­şy gö­reş­ýän güýç­li an­ti­ok­si­dant­lar bar. Bu an­ti­ok­si­dant­lar öý­jük­le­riň za­ýa­lan­ma­gy­nyň öňü­ni alyp, do­wam­ly ke­sel­ler­den go­ra­ýar. Al­ma­lar maş­ga­la­sy­na de­giş­li bu mi­we wag­tyn­dan öň gar­ra­ma­gy gi­jik­dir­ýär, şeý­le hem de­ri­niň çe­ýe hem ýaş gö­rün­me­gi­ni üp­jün ed­ýär. Çiş­me how­pu­ny azal­dyp, be­de­niň alyş-ça­lyş işi­ni gol­da­ýar. Be­ýi ýü­rek ýet­mez­çi­li­gi­niň hem der­ma­ny ha­sap­lan­ýar.

Kim­çi – ko­reý­le­riň syr­ly iş­däa­ça­ry

Her hal­kyň özü­ne mah­sus nus­ga­lyk ta­gam­la­ry­nyň bol­şy ýa­ly, ko­reý­ler hem dünýä­niň aş­pez­çi­lik sun­ga­ty­na öz­bo­luş­ly ta­gam­la­ry bi­len go­şant go­şup­dyr. Ko­reý aş­ha­na­sy diý­len­de köp­ler, il­ki bi­len, kim­çi iş­däa­ça­ry­nyň ady­ny tut­ýar. Ko­reý aş­ha­na­sy­nyň iň naý­ba­şy ta­gam­la­ry­nyň bi­ri bo­lan kim­çi sag­lyk üçin iň peý­da­ly iş­däa­çar­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Eý­sem, «ko­reý aş­ha­na­sy­nyň tä­ji» ha­sap­lan­ýan bu iş­däa­ça­ryň sy­ry nä­me­de? Bu iş­däa­çar ha­ky­kat­da­nam peý­da­ly­my? Kim­çi­niň dür­li gör­nü­şi bar. Bu gör­nüş­ler iş­däa­ça­ra go­şul­ýan gök-bak­ja önüm­le­ri­ne gö­rä üýt­ge­ýär. Däp bol­şy ýa­ly, bu iş­däa­ça­ra duz­la­nan na­pa ke­le­mi (hy­taý ke­le­mi), turp, ter hy­ýar, kä­şir, ýaş so­gan, sa­rym­sak, zen­je­bil, zeý­tun ýa­gy, gy­zyl burç, sir­ke, kün­ji, şe­ker, süý­ji tü­wi uny we ga­ýa du­zy go­şul­ýar. Adat­ça kim­çi taý­ýar­la­mak bir gün wagt al­ýar. Il­ki bi­len ýum­şak hem uzyn ak bal­dak­ly na­pa ke­le­mi 6 sa­gat tö­we­re­gi duz­ly suw­da sak­lan­ýar. Duz­ly suw ke­lem­dä­ki bak­te­ri­ýa­la­ryň ös­me­gi­niň öňü­ni alyp, ysy­ny aýyr­ýar we ýum­şak bol­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär. Ke­lem duz­ly suw­dan çy­ka­ry­lyp, su­wy sy­ry­gyp do­ly ak­ýan­ça go­ýul­ýar we gy­zyl burç, sir­ke we zeý­tun ýa­gy bi­len ma­ri­nad edil­ýär. Soň­ra tü­wi unun­dan bu­la­mak taý­ýar­lap, içi­ne kül­ke gy­zyl burç go­şul­ýar

Bir gün­de aý­la­nyp bol­ýan şä­her­ler

Kä­te uzak ge­ze­len­jiň do­wa­myn­da uly zat­la­ra üns ber­lip, ki­çi­jik zat­la­ra wagt hem gal­ma­ýar. Bir gün­de is­len­dik bir uly şä­he­riň ta­ry­hy, me­de­ni­ýe­ti we tä­sin­lik­le­ri bi­len ta­nyş­mak müm­kin hem däl. Mu­nuň üçin azyn­dan bir hep­de ge­rek. Sy­ýa­hat­çy­la­ryň kö­pü­si uly şä­her­le­re ge­ze­lenç et­me­gi ha­la­ýan hem bol­sa, uzak sy­ýa­hat ada­my ýa­dad­ýar. Şol se­bäp­li köp ýurt­la­ra sy­ýa­hat edýän ja­han­keş­de­ler bir gün­de aý­la­nyp bol­ýan ki­çi­jik şä­her­le­re ge­ze­len­je gi­de­ni­ni kem gör­me­ýärler. Uly bolmadyk şä­her­le­ri ula­ga mün­mez­den py­ýa­da aý­la­nyp bol­ýar. Ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da bir gün­de ge­ze­lenç edip bol­ýan ki­çi­jik şä­her­ler bi­len ta­nyş­dyr­ma­gy ma­kul bil­dik. Se­go­wi­ýa, Is­pa­ni­ýa­nyň ta­ry­hy me­ka­ny. Mad­rid­den uzak bol­ma­dyk ara­lyk­da ýer­leş­ýän Se­go­wi­ýa er­te­ki­le­ri ýa­dy­ňa sal­ýan tä­sin gur­lu­şa eýe­dir. Se­go­wi­ýa­nyň aja­ýyp suw aka­ba­sy, Al­ka­sar ga­la­sy şä­he­riň meş­hur ýer­le­ri­dir. 6 müň 163 ine­dör­dül ki­lo­metr meý­da­ny eýe­le­ýän asu­da şä­he­riň 52 müň ýa­şaý­jy­sy bar. Se­go­wi­ýa ta­ry­hy ýer­le­re ge­ze­lenç et­me­gi ha­la­ýan­lar üçin iň go­wy şä­her­le­riň bi­ri­dir.

Mer­ke­liň ýat­la­ma­lar ki­ta­by çap edil­di

Ger­ma­ni­ýa­nyň öň­ki Kans­le­ri An­ge­la Mer­ke­liň «Er­kin­lik» at­ly tä­ze ýat­la­ma­lar ki­ta­by Kýoln şä­he­ri­niň «Kie­pen­heuer and Witsch» ne­şir­ýa­tyn­da çap edil­di. Ki­tap­da pro­tes­tant ru­ha­ny­nyň gy­zy Mer­ke­liň uly sy­ýa­sa­ta gel­şi ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär. Ki­ta­byň da­şyn­da sy­ýa­sat­çy ze­na­nyň alys­la­ra ga­rap du­ran keş­bi ýer­leş­di­ri­lip­dir. Ki­tap Mer­ke­liň sy­ýa­sy ge­ňeş­çi­si Bea­te Bau­man bi­len bi­le­lik­de ýa­zy­lyp­dyr. Ki­tap köp san­ly su­rat­la­ry, şol san­da öň­ki Kans­le­riň ça­ga­lyk su­rat­la­ry­ny hem öz içi­ne al­ýar. «Dün­ýä­niň 30 ýur­dun­da ne­şir edi­len bu ki­tap «bi­ziň döw­rü­mi­ziň iň tä­sir­li sy­ýa­sat­çy­sy­nyň oý-pi­kir­le­ri­ne we işi­ne çuň­ňur dü­şün­mä­ge ýar­dam be­rer» di­ýip, «Bild» ne­şi­ri ýaz­ýar. Bu ki­tap tiz wagt­da iň köp sa­ty­lan ki­ta­ba öw­rül­di. Ber­lin­de ýüz­ler­çe adam aw­tog­raf al­mak üçin «Duss­mann» ki­tap dü­ka­ny­nyň da­şy­na jem­len­di­ler.

An­to­niu Koş­ta we­zi­pe­si­ne gi­riş­di

Ýew­ro­pa Ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy we Bel­gi­ýa­nyň öň­ki Prem­ýer-mi­nist­ri Şarl Mi­şel öz yg­ty­ýar­lyk­la­ry­ny Por­tu­ga­li­ýa­nyň öň­ki Prem­ýer-mi­nist­ri An­to­niu Koş­ta ge­çir­di we oňa Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň döw­let we hö­kü­met baş­tu­tan­la­ry­nyň res­mi ýyg­nak­la­ryn­da ula­nyl­ýan ja­ňy gow­şur­dy. Koş­ta azyn­dan 2,5 ýyl­lap Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň iň ýo­ka­ry sy­ýa­sy gu­ra­ma­sy­na ýol­baş­çy­lyk eder. Ol özü­niň il­kin­ji çy­ky­şyn­da «Dür­lü­lik­de ag­zy­bir­lik» ýö­rel­ge­si­ni do­wam et­dir­me­gi wa­da ber­di.

So­si­al-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy ýe­ňiş ga­zan­dy

1-nji de­kabr­da Ru­my­ni­ýa­da ge­çi­ri­len par­la­ment saý­law­la­ryn­da So­si­al-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy 23 gö­te­rim­den gow­rak ses alyp, ýe­ňiş ga­zan­dy. Bu ba­ra­da ýur­duň Mer­ke­zi saý­law to­pa­ry ha­bar ber­di. Bu saý­law­lar­da Ru­my­ni­ýa­nyň ra­ýat­la­ry gel­jek 4 ýyl üçin De­pu­tat­lar pa­la­ta­sy­nyň we Se­na­tyň ag­za­la­ry­ny saý­la­dy­lar. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, So­si­al-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy her iki pa­la­ta­da-da öň­de­li­gi eýe­läp, Se­nat­da 23,71 gö­te­rim, We­kil­ler pa­la­ta­syn­da 23,07 gö­te­rim ses al­dy. Şeý­le-de «Ru­myn­la­ry bir­leş­dir­mek üçin bi­le­le­şik» (AUR) 17,44 gö­te­rim, «Ru­my­ni­ýa­nyň wengr­le­ri­niň de­mok­ra­tik bi­le­le­şi­gi» (UDMR) 16,62 gö­te­rim, Mil­li-li­be­ral par­ti­ýa­sy (NLP) 14,93 gö­te­rim ses bi­len Se­na­ta gir­di­ler. Şeý­le hem 16,98 gö­te­rim bi­len AUR, 16,49 gö­te­rim bi­len UDMR we 14,31 gö­te­rim bi­len NLP We­kil­ler pa­la­ta­sy­na gir­di. We­kil­ler we se­na­tor­lar we­zi­pe­le­ri­ne 10 mü­ňe go­laý adam da­laş ed­ýär, ýö­ne ola­ryň ba­ry-ýo­gy 456-sy par­la­men­te gi­rer.

Olaf Şols da­laş­gär hö­dür­len­di

Bir­nä­çe hep­de do­wam eden içer­ki mas­la­hat­lar­dan soň, Ger­ma­ni­ýa­nyň So­si­al-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy (SPD) Kans­ler Olaf Şol­sy gel­jek ýyl ýurt­da ge­çi­ril­jek Pre­zi­dent saý­law­la­ryn­da esa­sy da­laş­gär hök­mün­de hö­dür­le­mek ka­ra­ry­na gel­di. Bu ba­ra­da Olaf Şol­suň SPD-niň egin­deş ýol­baş­çy­la­ry Lars Kling­baýl we Zas­kiýa Es­ken bi­len bi­le­lik­de gat­na­şan met­bu­gat mas­la­ha­tyn­da mä­lim edil­di. Sy­ýa­sy bar­lag­lar ins­ti­tu­ty IN­SA-nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, hä­zir­ki wagt­da iň meş­hur ne­mes sy­ýa­sat­çy­sy go­ran­mak mi­nist­ri Bo­ris Pis­to­ri­us­dyr. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, Bo­ris Pis­to­ri­us wi­deo ýüz­len­me­sin­de ady­ny da­laş­gär­le­riň sa­na­wyn­dan aýyr­ýan­dy­gy­ny, şeý­le­lik bi­len Olaf Şol­suň da­laş­gär­li­gi­ne ýol aç­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.

COP16 öz işine başlady

2-nji de­kabr­da Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň paý­tag­ty Er-Ri­ýad­da Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahaty (СOP16) öz işi­ne baş­la­dy. Mej­lis­de top­ra­gy gurplan­dyr­mak we gu­rak­çy­ly­ga gar­şy gö­re­şi ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça glo­bal ta­gal­la­lar ba­ra­da mas­la­hat edi­ler. «Bi­ziň Ýe­ri­miz. Bi­ziň gel­je­gi­miz» şy­ga­ry bi­len ge­çi­ril­ýän maslahat 13-nji de­kab­ra çen­li do­wam eder. Bu forum ýer äti­ýaç­lyk­la­ry­na bagyşlanan BMG-niň Çöl­leş­mä­ gar­şy gö­reşmek boýunça Kon­wen­si­ýa­sy­na gatnaşyjy taraplaryň Ýa­kyn Gün­do­gar­da we De­mir­ga­zyk Af­ri­ka se­bi­tin­de ge­çi­r­ýän il­kin­ji mas­la­ha­tydyr.

Azi­ýa­nyň ösüş ban­ky­nyň tä­ze baş­ly­gy

Azi­ýa ösüş ban­ky­nyň (AÖB) Do­lan­dy­ry­jy­lar ge­ňe­şi 59 ýaş­ly Ma­sa­to Kan­da­ny Azi­ýa ösüş ban­ky­nyň 11-nji baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne saý­la­dy. Ma­sa­to Kan­da 2025-nji ýy­lyň 24-nji few­ra­lyn­da işe baş­lap, bu we­zi­pä­ni 2026-njy ýy­lyň 23-nji no­ýab­ry­na çen­li do­wam et­di­rer. Ol hä­zir­ki wagt­da Ýa­po­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň we ma­li­ýe mi­nist­ri­niň ýö­ri­te ge­ňeş­çi­si­dir. «Ma­sa­to Kan­da­nyň hal­ka­ra ma­li­ýe pu­da­gyn­da­ky uly tej­ri­be­si we kö­p u­gur­lar­da su­but edi­len ýol­baş­çy­ly­gy glo­bal yk­dy­sa­dy kyn­çy­lyk­la­ry çöz­mä­ge we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mä­ge kö­mek eder» di­ýip, ban­kyň do­lan­dy­ry­jy­lar ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Fa­bio Pa­net­ta aýt­dy.

Ikin­ji gezek bellendi

Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy­nyň Že­ne­wa­da­ky ştab-k­war­ti­ra­syn­da ni­ge­ri­ýa­ly ze­nan Ngo­zi Okon­jo-Iwea­la­ gu­ra­ma­nyň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne ikin­ji ge­zek bel­len­di. Bu ka­rar BSG-niň Baş Ge­ňe­şi­niň no­bat­dan da­şa­ry mas­la­ha­tyn­da ka­bul edil­di. Gu­ra­ma tä­ze baş di­rek­tor bel­le­mek me­se­le­si res­mi taý­dan 8-nji okt­ýabr­da baş­lan­dy. Da­laş­gär hö­dür­le­mek möh­le­ti gu­ta­ran­dan soň, ikin­ji dört ýyl­lyk möh­le­ti eýe­le­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­lan Ngo­zi Okon­jo-Iwea­la bu we­zi­pe üçin ýe­ke-täk da­laş­gär bo­lup gal­dy. N. Okon­jo-Iwea­la­nyň ikin­ji möh­le­ti 2025-nji ýy­lyň 1-nji sent­ýab­ryn­da baş­lar. Ni­ge­ri­ýa­da dog­lan Ngo­zi Okon­jo-Iwea­la Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy­na ýol­baş­çy­lyk edip gel­ýän il­kin­ji ze­nan we il­kin­ji af­ri­ka­ly­dyr. Ösüş me­se­le­le­ri bo­ýun­ça yk­dy­sat­çy hök­mün­de Ngo­zi Okon­jo-Iwea­la Bü­tin­dün­ýä Ban­kyn­da 25 ýyl do­lan­dy­ry­jy mü­dir bo­lup iş­läp­di.

Gru­zi­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri tas­syk­lan­dy

Gru­zi­ýa­nyň par­la­men­ti ýur­duň Prem­ýer-mi­nistri we­zi­pe­si­ne Irak­li Ko­bak­hid­ze­ni gaýtadan tas­syk­la­dy. Mas­la­hat ýur­duň iň ýo­ka­ry ka­nun çy­ka­ry­jy eda­ra­sy­nyň web sa­hy­pa­syn­da gö­ni ýaý­lym­da gör­ke­zil­di. – 84 adam ses ber­di, sak­la­nan ýok. Ka­rar ka­bul edil­di – di­ýip, par­la­men­tiň baş­ly­gy Şal­wa Pa­pu­aş­wi­li ses be­riş­li­giň ne­ti­je­le­ri­ni jem­le­di.

Dünýä täzelikleri gys­ga se­tir­ler­de

«Hua­wei» «akyl­ly» sa­gat çy­kar­dy. Hy­ta­ýyň «Hua­wei» kom­pa­ni­ýa­sy «akyl­ly» go­şar sa­gat­la­ry­nyň ta­nyş­dy­ryş da­ba­ra­sy­ny ge­çir­di. 18 ka­rat­lyk al­tyn çaýylan «Watch Ul­ti­ma­te De­sign Gold» mo­de­li­niň ba­ha­sy 3 müň dol­lar­dan gow­rak. Akyl­ly sa­gat­lar gy­zy­lyň gy­ryn­dy­syn­dan ýa­sa­lan ny­şa­na eýe­dir. Ila­ty 37,5 mil­li­on ada­ma ýet­di. Şu ýy­lyň 27-nji no­ýab­ryn­da Öz­be­gis­ta­nyň ila­ty 37,5 mil­li­on ada­ma ýet­di. Bu ba­ra­da ýur­duň Sta­tis­ti­ka gul­lu­gy ha­bar ber­di. Mag­lu­mat­la­ra la­ýyk­lyk­da, 2030-njy ýy­la çen­li ýur­duň ila­ty 40 mil­lio­ndan geçer. Soň­ky 30 ýyl­da ýur­duň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň sa­ny 15 mil­li­on adam köpelmek bi­len, ilat sa­ny dur­nuk­ly art­ýar.

Dil – netijeli hyzmatdaşlygyň serişdesi

Halk ara­syn­da «Dil bi­len dün­ýä­ni ge­zer» diý­lip aý­dy­ly­şy ýa­ly, baş­ga dil­le­ri öw­ren­mek biz üçin wa­jyp bo­lup dur­ýar. Dür­li dil­le­ri bil­mez­den kä­mil hü­när­men bol­mak as­la müm­kin däl. Se­bä­bi üçün­ji müň­ýyl­lyk ylym-bi­li­miň we teh­ni­ka­nyň örän çalt dep­gin­de ösen döw­ri bol­dy. «Türk­me­nis­tan­da da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gy kä­mil­leş­dir­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­nyň» çä­gin­de bu ugur­da bir­nä­çe iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­du­my­zyň or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de ýaş­la­ra da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ret­mek me­ýil­na­ma­lar esa­syn­da al­nyp ba­ryl­ýar. Mun­dan baş­ga-da, ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni çuň­laş­dy­ryp öw­red­ýän mek­dep­ler we dür­li dil­le­re ýö­ri­te­leş­di­ri­len mek­dep­ler hem bar. Da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ret­mek­de hä­zir­ki wagt­da yl­my esas­da öw­re­ni­len, tej­ri­be­de oňat ne­ti­je ber­ýän usul­lar­dan giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Şeý­le usul­lar bi­lim ber­mek­de mul­ti­me­di­ýa tag­ta­lar­da ta­nyş­dy­ryş­la­ryň üs­ti bi­len öw­ret­mek, iň­lis di­lin­dä­ki gep­le­şik­le­ri tej­ri­be­de diň­let­mek we ki­tap­dan ge­çi­len söz­le­ri okat­mak bi­len ber­ki­dil­ýär. Bu iş­le­riň ut­ga­şyk­ly al­nyp ba­ryl­ma­gy ýaş­la­ryň dü­şün­je­si­niň has-da ös­me­gi­ne oňat tä­sir ed­ýär. Şun­da da­şa­ry ýurt di­li­ni öw­ren­ýän ta­lyp bir sa­pak­da on­lar­ça sö­zi öw­r

Döw­re­bap hu­kuk öz­gert­me­le­ri ama­la aşy­ryl­ýar

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da döw­le­ti­mi­ziň we jem­gy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ryn­da de­mok­ra­tik esas­lar bar­ha çuň­laş­dy­ryl­ýar. Hu­kuk me­de­ni­ýe­ti we işi has-da pug­ta­lan­dy­ryl­ýar. Hal­ky­my­zyň we her bir ra­ýa­tyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len giň möç­ber­li öz­gert­me­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Al­nyp ba­ryl­ýan döw­let äh­mi­ýet­li şeý­le iş­le­riň bi­ri hem Esa­sy Ka­nu­ny­my­zyň jem­gy­ýet­dä­ki or­nu­ny we äh­mi­ýe­ti­ni güýç­len­dir­mek hem-de kä­mil­leş­dir­mek ug­run­da ýerine ýetirilýän iş­ler­dir. Kons­ti­tu­si­ýa Esa­sy Ka­nun bol­mak bi­len, beý­le­ki ada­ty ka­nun­lar­dan ta­pa­wut­lan­ýar. Il­ki bi­len, Kons­ti­tu­si­ýa iň ýo­ka­ry hu­kuk güý­jü­ne eýe bo­lan ka­nun­dyr. Bu ka­da­lar Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň mad­da­la­ryn­da aý­ra­tyn bel­le­nil­ýär. Ýur­du­my­zyň ka­nun­çy­ly­gy­ny döw­rüň ta­lap­la­ry­na gö­rä kä­mil­leş­dir­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ru­dyr. Tä­ze ka­nun­lar Wa­ta­ny­my­zy dep­gin­li ös­dür­mä­ge, ka­bul edi­len mak­sat­na­ma­la­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mä­ge, hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy­ny yzy­gi­der­li go­wu­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da ama­la aşy­ryl­ýan äh­li o

Bi­ta­rap­lyk – nus­ga­lyk ýol

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň her bir gü­nü­ni bag­ty­ýar­ly­gyň, ru­hu­be­lent­li­giň ýa­ky­my bi­len gar­şy­la­ýan hal­ky­myz he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty esa­syn­da yn­san­per­wer­li­giň, dost-do­gan­ly­gyň aja­ýyp ýö­rel­ge­le­ri­ni dün­ýä ýaý­ýar. Bu ýö­rel­ge­ler sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň çäk­le­rin­de has-da giň­den ýaý­baň­lan­ýar. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap ýur­du­myz dün­ýä­niň ab­raý­ly gu­ra­ma­sy bo­lan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ge­ňeş­le­ri­niň, ko­mi­tet­le­ri­niň we ko­mis­si­ýa­la­ry­nyň bir­nä­çe­si­niň ag­za­sy bol­mak bi­len, ola­ryň çäk­le­rin­de de­giş­li hal­ka­ra iş­le­ri­ni ama­la aşyr­ýar. Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­my­zyň öňe sü­ren dün­ýä äh­mi­ýet­li bir­nä­çe mö­hüm baş­lan­gyç­la­ry­nyň hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan gyz­gyn gol­da­nyl­ma­gy hem hal­ky­my­zyň yn­san­per­wer­lik, pa­ra­hat­çy­lyk we hoş­ni­ýet­li­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne he­mi­şe yg­rar­ly­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­hat­çy­lyk­sö­ýü­ji­lik tag­ly­ma­ty­nyň esa­syn­da hal­ky­myz dün­ýä halk­la­ry bi­len dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta ber­jaý ed­ýär. Ýur­du­my­za ge­len myh­ma­na sup­ra bol­dan ýa­zyl­ýar. Bu bol­sa yn­san­la­ry bi­ri-bi­ri­ne ýa­kyn­laş­dyr­ýar, dost-do­gan bo­lup ýa­şa­ma­ga iter­ýär. Pa­ra­hat­çy­lyk­ly gat­na­şyk­la­ra ym­t

Ýaşlar – ýurdumyzyň geljegi

Ýaş ne­sil ha­kyn­da­ky ala­da ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Hormatly Prezidentimiziň taý­syz ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de be­den taý­dan sag­dyn, bi­lim­li ýaş nes­li ter­bi­ýe­le­mä­ge, ola­ryň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy üçin iň go­wy şert­le­ri dö­ret­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Wa­ta­ny­my­zyň da­ýan­jy bo­lan ýaş nes­liň berk be­den­li, sag­dyn ruh­ly, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly adam­lar bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin dün­ýä yl­my­nyň iň soň­ky ga­za­nan­la­ry­ny ul­ga­ma or­naş­dyr­mak­da uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ylym, bi­lim, hü­när, ter­bi­ýe me­se­le­le­rin­de uly we­zi­pe­le­ri öň­de goý­ýar. Ýaş nes­le be­ril­ýän bi­li­miň hi­li şah­sy­ýe­tiň hem­me­ta­rap­la­ýyn saz­la­şyk­ly ösü­şi­ni üp­jün ed­ýär. Mu­nuň özi ýur­du­myz­da bi­lim ul­ga­my­ny döw­re­bap ös­dür­mek­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Ýur­du­my­zyň ösüş­le­ri­ni mun­dan beý­läk-de art­dyr­mak ýaş ne­sil­le­re yna­nyl­ýar. Ösüş­ler bol­sa tä­ze pi­kir­le­ri ta­lap ed­ýär. Tä­ze pi­kir­ler bol­sa he­mi­şe sag­dyn, ru­hu­be­lent, zäh­met­sö­ýer adam­la­ra mah­sus hä­si­ýet­dir. Bi­lim al­mak, hü­när öw­ren­mek türk­men hal­ky­nyň müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da berk eýe­rip ge­len dur­muş ka­da­sy­dyr. Ar­ka­dag­ly Gahryman Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­t

Ar­ka­dag şä­he­ri – ýo­ka­ry hi­liň nus­ga­sy

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da nus­ga­lyk oba­lar, şä­her­çe­dir şä­her­ler gu­rul­ýar. Kö­pet­da­gyň ete­gin­dä­ki aja­ýyp ýer­de gur­lan Ar­ka­dag şä­he­ri bu ba­bat­da buý­sanç bi­len nyg­tal­ma­ga my­na­syp­dyr. Ar­ka­dag şä­he­ri te­bi­gy gur­şa­wa aýaw­ly çe­me­leş­me­gi, yl­myň iň tä­ze ga­za­nan­la­ryn­dan peý­da­la­nyl­ma­gy üçin ýa­şaý­şyň tä­ze ga­raý­şy­ny özün­de jem­le­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len gur­lan, döw­let äh­mi­ýet­li şä­her di­ýen hu­kuk de­re­je­si­ne eýe bo­lan tä­ze şä­he­riň bi­rin­ji tap­gy­ry­nyň çäk­le­rin­de me­de­ni-dur­muş we beý­le­ki mak­sat­ly des­ga­la­ryň 336-sy ýer­li bi­na­gär­le­ri­miz ta­ra­pyn­dan gu­rul­dy. Döw­re­bap şä­he­riň ikin­ji tap­gy­ry­nyň gur­lu­şy­gy­nyň ýo­ka­ry dep­gin­de al­nyp ba­ryl­ma­gy mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­re we kuw­wa­ta eýe­di­gi­ni tas­syk­la­ýar.

Ýaş alymlaryň maslahatyna gatnaşdylar

Ýur­du­my­zyň ýaş alym­la­ry 27–29-njy no­ýabr ara­ly­gyn­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­da «Si­ri­us» bi­lim mer­ke­zi­niň gu­ra­ma­gyn­da ge­çi­ri­len Ýaş alym­la­ryň IV mas­la­ha­ty­na gat­naş­dy­lar. Bu ýaş­lar fo­ru­myn­da ýur­du­my­za S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň hem-de Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­lym­la­ry we ta­lyp­la­ry we­kil­çi­lik et­di­ler. Ýaş alym­la­ryň IV mas­la­ha­ty 2024-nji ýyl­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­da yg­lan edi­len Ylym we teh­no­lo­gi­ýa­lar on­ýyl­ly­gy­nyň çäk­le­rin­de ge­çi­ril­ýän esa­sy hal­ka­ra çä­re­le­riň bi­ri­dir. Bu fo­rum 40-dan gow­rak ýur­duň ylym, işe­wür­lik we döw­let hä­ki­mi­ýet we­kil­le­ri­ni bir ýe­re jem­läp, tej­ri­be alyş­ma­ga, öň­de­ba­ry­jy yl­my çöz­güt­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga, in­no­wa­si­on tas­la­ma­la­ry gör­kez­mä­ge uly müm­kin­çi­lik ber­ýär. Mas­la­hat 7 müň­den gow­rak gat­na­şy­jy­ny, şol san­da yl­myň we teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ga­za­nan­la­ry­ny hö­dür­le­ýän 800-den gow­rak mo­de­ra­to­ry, çy­kyş ed­ýän­le­ri öz içi­ne al­dy. Hal­ka­ra mas­la­ha­tyň me­ýil­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, 200-den gow­rak çä­re, şol san­da iş du­şu­şyk­la­ry, yl­my pi­kir alyş­ma­lar, ser­gi­ler, me­de­ni çä­re­ler­dir sport ýa­ryş­la­ry ge­çi­ril­di.

Öm­rü­ňiz uzak bol­sun, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz!

Gahryman Arkadagymyz çykyşynda biziň «Zaman-Türkmenistan» gazetimiz barada hem nygtap geçdi. «Biz bu gazeti Türkmenistanda Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan türk doganlarymyz bilen bilelikde çap edip başladyk. Gazet ýurdumyzda häzirki güne çenli çap edilip gelinýär» diýip, milli Liderimiz belledi. Ga­raş­syz ýur­du­myz pa­ra­hat­çy­lyk­sö­ýü­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ny yzy­gi­der­li ama­la aşy­ryp, iri hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry iş­jeň ös­dür­ýär. Ýur­du­my­zyň ýa­kyn­dan hyz­mat­daş­lyk sak­la­ýan gu­ra­ma­la­ry­nyň bi­ri hem Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy­dyr. Türk­me­nis­tan he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýyn­dan ugur alyp, Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy­na syn­çy de­re­je­sin­de gat­naş­ýar. Ýur­du­myz­da bu iri hal­ka­ra gu­ra­ma bi­len bag­la­ny­şyk­ly bir­nä­çe hal­ka­ra dü­züm­ler, hu­su­san-da, gu­ra­ma­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi, da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň ge­ňe­şi, Tür­ki döw­let­le­riň Par­la­ment As­samb­le­ýa­sy, Tür­ki aka­de­mi­ýa, Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy, Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň we mi­ra­syň hal­ka­ra gaz­na­sy, Tür­ki söw­da-se­na­gat eda­ra­sy ýa­ly ýö­ri­te­leş­di­ri­len ge­ňeş­le­ri we gu­ra­ma­la­ry, şol san­da Ak­sak­gal­lar ge­ňe­şi bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­lyk al­nyp ba­ryl­ýar. Ak­sak­gal­lar ge­ňe­şi tür­ki döw­let­le­riň we halk­la­ryň ara­syn