Söwda toplumynda ýedi aýyň jemlerine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi

2 Sentýabr 2024
39

31-nji awgustda Türkmenistanyň Söwda toplumynyň binasynda şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynyň jemlerine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiziň 30-njy awgustda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça öňde durýan wezipeler, şeýle-de söwda toplumynyň işini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen bagly käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatynda, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew şu ýylyň ýedi aýynda söwda toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada çykyş etdi. Şeýle-de wise-premýer söwda toplumynyň garamagyndaky edara-kärhanalaryň degişli ýolbaşçylaryna hormatly Prezidentimiziň söwda toplumynyň işini kämilleşdirmek, hususy pudagyň önümçiliklerini artdyrmak, täze önümçilikleri döretmek, eksporta iberilýän önümleriň mukdaryny köpeltmek babatda maksatnamalaýyn işleri geçirmek, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak işlerini çaltlandyrmak bilen bagly beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň wajypdygy barada nygtady.

«Biznes reklama».
Beýleki habarlar