Türkmen-eýran gümrük hyzmatdaşlygy ýokarlanýar

2 Sentýabr 2024
42

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Döwlet gümrük gullugynyň işi has-da kämilleşdirilýär. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn möhüm ähmiýet berlip, daşary ýurtlaryň gümrük edaralary bilen hyzmatdaşlyklar barha ýokarlanýar.

Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 28-nji awgustynda
Gahryman Arkadagymyz Eýran Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu saparyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, ençeme ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmaga gönükdirilen teklipler öňe sürüldi. Gahryman Arkadagymyz demir we awtomobil ýollary arkaly ikitaraplaýyn ýük gatnawlaryny artdyrmagyň zerurdygyny belläp, «Sarahs» we «Inçeburun» demir ýol nokatlaryndan geçýän harytlaryň möçberini köpeltmegi teklip etdi.

Zakir BAZAROW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Daşoguz welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, kapitan.
Beýleki habarlar