Türkmenistan — Owganystan: däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda

2 Sentýabr 2024
51

30-njy awgustda paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana sapar bilen gelen Owganystanyň magdan we nebit önümleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji H.Badriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen duşuşygy geçirildi.

Owgan tarapynyň wekilleri myhmansöýer türkmen topragyna gelmäge döredilen mümkinçilik üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

(TDH-niň maglumatlary esasynda taýýarlandy).
Beýleki habarlar