Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi

2 Sentýabr 2024
46

Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Bu mejlise türkmen tarapyndan Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýew hem-de tatar tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, senagat we söwda ministri O.W.Korobçenko başlyklyk etdiler.

27-nji awgustda bolan mejlisiň dowamynda iki tarapyň arasynda söwda-ykdysady, nebitgaz ulgamynda, senagatda, aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary ulgamynda, oba hojalygy we daşky gurşawy goramak pudagynda, ylym-bilim, saglygy goraýyş we derman senagaty, medeniýet, sport, ýaşlar syýasaty ulgamlarynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çeşme: fineconomic.gov.tm
Beýleki habarlar