«HI-TECH Türkmenistan 2024» halkara forumy we sergisi guralar

2 Sentýabr 2024
56

Paýtagtymyz Aşgabatda 2024-nji ýylyň 10-11-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça «HI-TECH Türkmenistan 2024» halkara forum we sergi geçiriler. Çäre ýurduň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak we tejribe alyşmak üçin möhüm platforma bolup hyzmat eder.

Foruma Türkmenistandan, ABŞ-dan, Russiýadan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Belarus Respublikasyndan, Özbegistandan, Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlardan 100-den gowrak kompaniýa gatnaşar.

Perhat ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar