Türkmen wekiliýeti Seulda geçiriljek «World Smart City Expo» sergisine gatnaşar

2 Sentýabr 2024
40

Şu ýylyň 1 — 7-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçiriljek «akylly» şäherleriň «World Smart Сity Eхpo» Bütindünýä sergisinde «akylly» tehnologiýalara esaslanýan Arkadag şäheriniň mümkinçilikleri görkeziler. Seul şäherine şu ýylyň 1 — 7-nji sentýabry aralygynda boljak gulluk iş saparynyň çäklerinde wekiliýet agzalary Koreýa Respublikasynyň lukmançylyk serişdelerini öndürýän kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirerler, ýurduň ugurdaş kärhanalarynyň işleri bilen tanşarlar.

Beýleki habarlar