Hili dolandyrmagyň ýapon tejribesi

2 Sentýabr 2024
27

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Ýapon nusgasy. Bu nusganyň hereket etmegi Ýaponiýadaky däp-dessurlara, şahsy bähbitlere garanyňda milletiň bähbitleriniň ileri tutulmagyna, ýokary zähmet düzgün-tertibine we işçileriň jogapkärçiligine, ähli täze zady kabul edip almagyň çalt ösüşine uly derejede esaslanýar. Ýokarda sanalyp geçilenleriň we beýleki faktorlaryň hasabyna önümleriň özüne düşýän bahasynyň ep-esli peselmegi, önümiň ýokary hili gazanylýar. Bu ýapon harytlaryna dünýä bazarynda ýokary bäsleşige ukyplylygyny üpjün edýär» (41-42 s.).

Gahryman Arkadagymyzyň sözlerinden hem görnüşi ýaly, önümiň ýokary hiliniň gazanylmagy dünýä bazarynda ýokary bäsdeşlige ukyplylygyň esasy usulydyr. Hili dolandyrmak boýunça dünýä tejribesi degerlilikdir täsirliligini şübhedir ikirjiňlemä sezewar etmek üçin hiç hili esas ýok usullardyr tär ýollary işläp düzdi. Önümiň hilini dolandyrmak boýunça dünýä tejribesi ilkinji başdaky materiallaryň durnukly hilini gazanmazdan, öndürilýän harydyň durnukly hilini üpjün etmegiň mümkin däldigini görkezýär. Şol sebäpli öndürilýän harytlary taýýarlaýjylar bilen çig maly, materiallary we toplumyň ýygyndy bölekleridir şaýlaryny üpjün edijileriň arasyndaky özara baglanyşykly gatnaşyklaryň has ýakyndan berk ysnyşykly ýola goýulmagyna bolan meýiller hasaba alynýar. Bu ösen döwletlerde bolşy ýaly, ösüp barýan ýurtlarda hem ýüze çykýar, ýöne dürli görnüşde. Halkara standart ýöne ýerden çig mal bilen üpjün edijileri hili üpjün edýän ulgamyň bölegi hökmünde saýlap-seçip almagy teklip etmeýär.

Selbi HÜMMÄÝEWA
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar