Hakyda hazynasy

11 Iýun 2024
627

Geň galaýmaly, wagt ýyldyrym tizliginde geçip, saçlaryma ak sepelän bolsa-da, çagalygymdaky atamdyr babamyň gulagyma guýan öwüt-ündewleri hiç haçan ýadymdan çykmaýar. Olar heniz hem meniň hakyda hazynamda ýaşap ýör. Olar hemişe maşgala mukaddesligi, ony goramagyň usullary hakynda wagyz-nesihat ederdiler. Şol döwürler atamdyr babamyň şirinden şirin söhbetleri, sargytlary etmesi aňsat zat ýaly bolup görünýärdi. Emma, ýaşadygymça maşgala gurmagyň, onuň abraýyny we agzybirligini gorap saklamagyň nähili uly zähmeti, irginsiz yhlasy, akyl-paýhasy talap edýändigine göz ýetirdim.

Türkmençilik däplerini berk berjaý etmek, peder ýoluny saklamak parz işdir. Halkymyzda aýdylyşy ýaly, alma agajyndan daş düşmeýär, ýa-da arpa ekseň arpa alýarsyň, bugdaý ekseň bugdaý. Şu nukdaýnazardan alanymyzda kemally, ilhalar ata-eneden akylly we asylly nesiller döreýär. Uly-uly döwletleriň maşgalalardan başlanyşy ýaly, biziň çagalarymyza berýän gündelik terbiýämiz olaryň röwşen geljegine şamçyrag boljak edep mekdebidir. Hut şonuň üçin hem «edebi başdan, çagany ýaşdan» diýlen nakyla eýerip, biz ýaş nesillerimizi ýaşlykdan ilhalar edip ýetişdirmegiň aladasyny etmeli. Munuň üçin bolsa türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly atamyzyň şygyrlaryna ýüzlenmek has dogrudyr. Sebäbi Magtmguly Pyragy dünýäniň göze görünýän we görünmeýän syrlaryna akyl ýetiren şahyrdyr. Şahyryň goşgularynda türkmen bolup ýaşamagyň beýik nusgasy bar. Watany söýmegi, agzybirlige gol bermegi ündän, türkmen gyz-gelinleriň görüm-göreldesiniň edebi nusgasyny, mert türkmen ýigidiniň özünde jemlemeli hüý-häsiýetlerini öz goşgularynyň üsti bilen beýan eden Magtymgulynyň şygyrlary paýhas hazynasydyr. Magtymgula sygynmak bilen her bir adam durmuşyň synagly ýollarynda öz aňyna agram salmazdan hiç haçan ýalňyşman, dürs ýaşamagyň çelgisini tapýar. Sözüň doly manysynda, Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň älem syrlaryna akyl ýetirmegi üçin dünýä gelen akyldardyr. Onuň goşgulary maşgala mukaddesligini gorap saklamagyň, belent adamkärçiligiň, şükranalygyň, edep-ekramyň asyl nusgasydyr. Ýaşadygyňça syr ýumagy ýaly çözlenip barýan durmuş atly pelsepä akyl ýetirmek üçin Magtymguly Pyragyny okamak, oňa akyl ýetirmek ýeterlikdir. Magtymguly kimin ägirt akyldarlar her halka ykbal tarapyndan berilýän peşgeşdir. Şeýle adamlar halkyň hakydasynda hemişelik ýaşaýarlar, olaryň Gün nury bolup ýalkym saçýan döredijiligi bolsa adamzat kowmunyň durmuş ýörelgesine öwrülýär.

Pirmuhammet ÝALMANOW,
Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň Sazyň taryhy we nazaryýeti bölüminiň mugallymy.
Beýleki habarlar