Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk

25 Mart 2024
514

Mälim bolşy ýaly, 2008-nji ýylyň 20-nji martynda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň garamagynda Halkara gatnaşyklary institutyny döretmek hakyndaky çözgüdi ýurdumyzyň diplomatik gullugy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça bir bitewi ulgamy kemala getirmegiň başlangyjy boldy. Munuň özi daşary syýasat we halkara gatnaşyklarynda hereket edýän döwlet düzümlerinde häzirki zaman ösüşiň möhüm meseleleri boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýan hünärmenleriň üpjünçiligine gönükdirildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň bilim ulgamyny ösdürmek, kämil hünärmenleri taýýarlamakda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen daşary ýurt döwletleriniň bilim edaralarynyň hyzmatdaşlygyny ýola goýmak babatynda uly işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň garamagynda Halkara gatnaşyklary instituty Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň daşary syýasatyny alyp barýan, daşary ýurtlarda Türkmenistana wekilçilik edýän, onuň milli bähbitlerini goraýan hem-de Watanymyzyň halkara abraýynyň berkidilmegi ugrunda degişli işleri alyp barýan türkmen diplomatlarynyň täze neslini kemala getirmekde jogapkärli wezipäni durmuşa geçirýär. Institut döredileninden bäri, 36 sany daşary ýurt ýokary okuw mekdebi bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşyldy. Olaryň çäklerinde döwletleriň bilim ulgamynda toplan oňyn tejribesini öwrenmek we bu babatda halkara hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek maksady bilen, birnäçe saparlar, ylmy-amaly maslahatlar, seminarlar guraldy.

Dürli BALLYÝEWA,
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar