Parahatçylygyň ýaş çaparlary talyp adyna eýe boldular

27 Awgust 2023
396

Garward uniwersitetiniň şeýleräk şygary bar: «Okamak wagt sarp etmek däldir, tersine hereketdir». Hawa, hereket ruhy, beden taýdan sagdyn şahsyýet bolup ýetişmegiňe itergi berýär. Eýsem, jemgyýetde öz ornuňy tapmagyň düýp özeni hem şundan gaýtmaýarmy näme?!

Maksadyň anyk bolanynda, oňa ýetmek aňsat bolýar. Parahatçylygyň ýaş çaparlary hem maksatlaryny diňe bir ugra — dünýä ýüzüne parahatçylygy ýaýmaga gönükdirdiler. Şeýdibem, jebisleşdiler, dostlaşdylar. Gürrüňimiz Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň guraýan «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigi barada gidýär. Bu bäsleşik mekdep okuwçylary üçin ýatdan çykmajak synag boldy. Olar «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşigi arkaly türkmen diplomatiýasynyň parahatçylyk sungatynyň siwilizasion ýörelgelerini, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara gatnaşyklaryny, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly eserlerini ürç edip öwrendiler. Ine, şularyň hemmesi ýaş çaparlara giriş synaglaryndan üstünlikli geçmäge uly ýardam berdi.

Ýazga geçiren: Jahantäç ÖWEZOWA,
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby, «Biznes reklama».
Beýleki habarlar