UMMANDA GÄMI ÝÜZSE...

12 Iýun 2023
463

Ähli ulag görnüşleriniň arasynda adamzadyň taryhynda we ösüşinde iň köp yz galdyrany suw ulagydyr. Gämi adamyň oýlap tapan ulag görnüşleriniň arasynda iň gadymysy bolup durýar. Ulagyň bu görnüşi bilen gündelik durmuşda adamlar kän gabatlaşmaýan bolsalar hem, gämileriň adam durmuşyna edýän täsiri uludyr. Sebäbi alys ülkelerden islendik ýurda getirilýän zatlaryň ählisi diýen ýaly gämi bilen daşalýar.

Suw ulagy täze yklymlaryň açylmagyna, şeýle hem yklymlaryň arasynda söwdanyň ýola goýulmagyna giň mümkinçilik berdi. Indi adamzadyň diňe ýerli tebigy baýlyklardan däl, eýsem tutuş planetanyň baýlyklaryndan peýdalanmagyna ýol açyldy. Özem suw ýoly.

Orazmyrat SÄHETMYRADOW,
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Beýleki habarlar