Orta asyryň danasy

17 Awgust 2022
1797

Gadymy Daşoguz topragy taryhy gymmatlyklara baý mekandyr. Bu ýerde ýetişen köp sanly alymlaryň dünýä ylmyna goşan goşandy uludyr. Olaryň arasynda Horezmi, Biruny, Zamahşary ýaly alymlar has meşhurdyr. Horezm döwletiniň paýtagty bolan häzirki Köneürgenç ylym-bilimiň, medeniýetiň gülläp ösen ýeri hasaplanylýar. Bol suwly Jeýhunyň kenarynda, uly kerwen ýolunyň çatrygynda ýerleşen bu şäher hemişe gelim-gidimli abadan bir ülke hökmünde taryhy çeşmelerde beýan edilýär. Bu topragyň taryhynda milli buýsanjymyzy artdyrýan köp sanly wakalar bar. Şolaryň biri hem Merkezi Aziýadaky ilkinji akademiýanyň hut şu ýerde, Köneürgençde bina edilendigidir. Dünýä taryhynda «Mamunyň akademiýasy» ady bilen tanalan bu ylym ojagynda beýik alymlar ylmy-barlag we ýyldyzlaryň hereketine gözegçilik işlerini alyp barypdyrlar. Şol ýerde önjeýli zähmeti bilen adygan, köp sanly ylmy açyşlary bilen tanalan alymlaryň biri hem Abu Reýhan Birunydyr.

Ylym derejesini kämilleşdirmek we eserleri ýazmak maksady bilen, dürli yklymlarda zähmet ýoluny geçen Abu Reýhanyň otuz sekiz ýaşynda Horezmiň paýtagty Gürgenje dolanyp barmagy Mamuny örän begendirýär. Mamun ony dessine uly alymlaryň geňeşine goşupdyr. Abu Reýhan emir Mamunyň döwlet işleri boýunça maslahatçysy hem bolupdyr. Syýasy işleriniň köpdügine garamazdan, Abu Reýhan ylymdan birjik-de üzňe bolmaýar, özüniň ylmy-barlag işlerini dowam etdirýär. Asman jisimleriniň hereketine gözegçilik edip, olar hakynda ylmy eserleri ýazýar. Günüň doguş, batyş hereketlerini ölçeýän ýörite abzaly oýlap tapýar. Dürli matematik hasaplamalary amala aşyryp, Aý tutulmasynyň boljak wagtyny öňünden kesgitleýär. Ol mineral daşlaryň hem-de ösümlikleriň täsiri we tebigaty dogrusynda uly kitap ýazýar. Abu Reýhan Biruny Ýeriň togalak şekillidigini, Ýer titremeleriniň, wulkanlaryň, suw joşmalarynyň, deňizlerdäki daşgynyň we gaýtgynyň tebigatyny has düşnükli ylmy dilde kämil beýan eden ilkinji alym hökmünde tanalýar.

Ejegül IBRAGYMOWA,
Ruhubelent etrap merkezi kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy.