Geçmişiň syrly sahypalary

9 Awgust 2022
2094

Gadymy Parfiýa döwleti taryhda uly yz galdyrypdyr. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly 1-nji kitabynda gadymy Parfiýa türkmen nesilşalygynyň uly imperiýa bolan Rim bilen bäsleşendigini belläp geçýär.

Parfiýa türkmeniň buýsançly taryhyna öwrülmek bilen gadymy Hytaýyň «Taryhy ýyl ýazgylarynda» we «Han shu» eserinde hem aýratyn bellenip geçilýär. Hytaýyň gadymy han nesilşalygynyň üç patyşalyk döwründe hem Parfiýa barada ýatlanyp geçilýär (biziň eýýamymyzdan öňki 206 we miladynyň 265-nji ýyllary. Şu, Wei, U patyşalarynyň döwri). Parfiýa baradaky gymmatly maglumatlar Hytaýyň «Taryhy ýyl ýazgylary» we «Han shu» eserinde han nesilşalygynyň täze we soňky döwürlerinde hem beýan edilipdir. Bu bolsa gadymy Parfiýanyň taryhyny öwrenmekde gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär. Parfiýa Ärsek tarapyndan esaslandyrylandan soň döwletiň ady hökmünde Hytaýyň «Taryhy ýyl ýazgylarynda» we «Han shu» eserlerinde «-An Xi» ieroglifler bilen ýazylypdyr. Bu bolsa Ärsegiň döwleti diýen düşünjäni beripdir. Aslynda hytaýlylaryň «-An ieroglifiniň «howpsuz» we -Xi ieroglifiniň bolsa «dynç» manysynda berilmegi hem diýseň täsindir. Diýmek Parfiýanyň şol döwürde dynç we howpsuz döwlet hökmünde häsiýetlendirilendigini aýtmaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de şol döwürde söwda kerwenleriniň gatnaw ýoly bolan Amyderýanyň ady hytaý taryhy ýyl ýazgylarynda we «Han shu» eserinde «-Gui shui», Tang nesilşalygy döwründe «Tang shu» eserinde «-Wu hu», Hytaýyň «Demirgazyk taryhy» köptomluk eserlerinde bolsa

Serdar MAŞARYKOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyňTaryh we arheologiýa institutynyňuly ylmy işgäri.