Gadymy ýadygärlikleriň ojagy

27 Iýul 2022
1509

Garaşsyzlykdan galkynan, Bitaraplykdan ýalkanan eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň gadymy hem-de baý medeni mirasyny, şan-şöhratly taryhyny ylmy taýdan öwrenmekde giň gerimli işler alnyp barylýar. Taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň binagärlik gurluşyny sanly ulgam arkaly dikeltmek, olara syýahat etmek mümkinçiliklerini ösdürmek ýaly birnäçe işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sarahs sebiti ýadygärliklere baý mekanlaryň biridir. Sebitiň arheologik ýadygärlikleri barada birnäçe alymlar ylmy işleri alyp bardylar we häzirki wagtda hem barlaglar geçirilýär.

Adamzat medeniýetiniň baý medeni mirasy bolan bu toprak açylmadyk syrlara baý. Sarahsyň çäginde ýerleşýän Meleheýran ýadygärliginde hem türkmen alymlary, «Köne Sarahs» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hünärmenleri Polşa döwletiniň Warşawa uniwersitetiniň professory B.Kaim bilen bilelikde birnäçe ýyllap gazuw-agtaryş işlerini geçirdiler. Netijede, bu ýadygärligiň Sasanylar döwrüne, ýagny biziň eýýamymyzyň III — VII asyrlaryna degişlidigi anyklanyldy. Ýadygärligiň beýikligi 7 metr, ini 30 metr, uzynlygy bolsa 40 metrdir. Meleheýran ýadygärliginiň 1,5 gektar meýdanda esasy depeden we günbatarynda ýerleşen 5 sany uly bolmadyk gum depejiklerinden ybaratdygy anyklanyldy. Türkmen — polýak arheologik ekspedisiýasy tarapyndan ýadygärligiň otparazlaryň ybadathanasy bolandygy öwrenildi. Arheologik barlaglaryň netijesinde, Meleheýran ýadygärliginiň mysaly taslamasyny hem-de üç ölçegli elektron görnüşini dikeltmek mümkinçiligi döredi we bu taslama elektron görnüşe geçirilip, wertual äýnegiň kömegi bilen onuň binagärlik aýratynlyklaryna syn etmek ýola goýuldy.

Şatlyk ILMYRADOW,
Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň hünärmeni.