Dünýäde nusgalyk syýasat

1 Noýabr 2021
1621

Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde eden çykyşynda belleýşi ýaly, döwletimiz dünýäde we sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýar. Türkmenistanyň dünýä bilen gatnaşyklarynyň ählisinde parahatçylyksöýüjilikli syýasatyň durýandygyny, onuň üýtgewsiz goldanylýandygyny biz anyk görýäris. Bu islendik meselede hem şeýledir. Meselem, Türkmenistanyň döwlet ekologiýa syýasatynyň esasyny hem adamzadyň asuda ýaşaýşyny üpjün etmeklige ýugrulan pikirler düzýär. Türkmenistanyň daşky gurşawyny goramak boýunça çäreleriň meýilnamasy, Hazarda amala aşyrylýan çäreleriň milli meýilnamasy, Çölleşmäge garşy göreşmek boýunça milli maksatnama we başga-da ençeme resminamalar munuň şeýledigini aýdyň görkezýär. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda Aral deňziniň ekologik heläkçiliginiň täsirini peseltmeklige dünýä bileleşiginiň yzygiderli üns bermegine döwletimiziň uly ähmiýet berýändigini nygtady we BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň dörediljekdigine ynam bildirdi.

Daşky gurşawy gorap saklamak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak döwletimiziň ekologik syýasatynyň düýp özenini düzýär. Bu syýasat dünýä möçberinde hem nusga alarlykly häsiýete eýe boldy. Ýurtbaştutanymyzyň BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça Sebitara merkezini döretmek, BMG-niň Araly halas etmek boýunça ýörite maksatnamasyny taýýarlamak, Hazar deňziniň ekologiýa taýdan abadançylygyny gorap saklamak barada eden teklipleri geçen ýyllarda uly gyzyklanma bilen garşylanyldy we giň goldawa eýe boldy. Döwletimiz howanyň dünýä boýunça maýlamak şertlerinde Kioto teswirnamasynyň maksatlarynyň hem berk tarapdary bolup çykyş edip gelýär.

Orunaý BABAKULIÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Çärjew etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.