Dynç alyş möwsüminiň şatlykly pursatlary dowam edýär. Ýakynda Gökderede ýerleşýän «Çynar», «Altyn sümmül», «Nebitçi», «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» atly çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dürli dabaraly çäreler guraldy. Olar ýaşlaryň zehin, ukyp-başarnyklaryny ösdürmek maksady bilen geçirilip, ýurdumyzda körpe nesilleriň beden hem ruhy taýdan sagdynlygyny, edep-terbiýeliligini gazanmak üçin döredilýän giň şertleriň oňyn netijelerini açyp görkezdi. Şeýle hem tanymal döredijilik işgärleri bilen duşuşyklar, kitaphanalaryň, muzeýleriň göçme sergileri, teatrlar tarapyndan guralýan sahna çykyşlary, kiçi ýaşly mekdep okuwçylaryň arasynda halk ertekilerini bilmek boýunça guralan bäsleşikler, surat çekmek we çeper okaýyş boýunça bäsleşikler dynç alyş möwsüminiň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Çagalaryň adatdan daşary ýagdaýlardan baş alyp çykmak ukybyny kämilleşdirmek, ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek baradaky düşünjelerini giňeltmek, ekologiýa arassaçylygy barada degişli hünärmenleriň düşündiriş işlerini geçirmek hem möwsümiň ähmiýetli wakalarydyr.
«Çynar» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan gyzjagazlaryň arasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň guramagynda «El hünäri il gezer» diýen at bilen ene-mamalarymyzdan miras galan milli el işleriniň nusgalaryny ýerine ýetirmek boýunça bäsleşik geçirildi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde yglan eden «Ak şäherimiz Aşgabat Ginnesiň rekordlar kitabynda» atly döredijilik bäsleşiginiň netijeleri jemlendi. Bäsleşiklere bu merkezde dynç alýan çagalaryň taýýarlan bir-birinden ajaýyp el işleri we maketleri gatnaşdyryldy. Gatnaşyjylaryň ählisine ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Žurnalymyzyň fotohabarçysynyň şol dabaraly çärelerden surata düşüren täsirli pursatlaryny, geliň, bilelikde synlalyň!