Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi gyzgalaňly dowam edýär

9 Awgust 2021
3580

Isleg-arzuwlaryň amala aşýan ýurdy hökmünde halkara giňişliginde ykrar edilen Türkmenistanda körpe nesil çäksiz üns-alada bilen gurşalandyr. Ajaýyp döwrümiziň bagtyýar çagalary dünýä ölçeglerine laýyk gelýän bakja-baglarda terbiýelenilýär, döwrebap mekdeplerde bilim alýar, ülkämiziň iň gözel künjekleri hasaplanylýan dag etegindäki Gökdere jülgesinde we gojaman Hazaryň kenarynda sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde keýpiçaglykda, şadyýanlykda, ruhubelentlikde wagtyny netijeli geçirýär.

Tomusky dynç alyş möwsümi çagalar üçin iň bir gyzykly we başdan geçirmeleriň döwrüdir. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň häzirki ajaýyp günlerinde beýleki ulgamlarda bolşy ýaly, nebitgaz toplumyna degişli dynç alyş merkezlerinde hem ýaş nesillerimiziň müňlerçesi talabalaýyk dynç alýar. Ir ertirleri nurana, agşamlary sapaly gözel Gökderede hereket edýän «Çeşme», «Nebitçi», «Nesil», «Şöhle» merkezleri bagtyýar ýaş ösdürimleriň ygtyýarynda. Bu ýerde çagalaryň gowy dynç almagynyň üpjün edilmegi bilen birlikde, olaryň wagtynyň netijeli geçirilmegine aýratyn üns berilýär. Merkezlerde kompýuter, aýdym-saz, tans, şekillendiriş, çeper okaýyş, dil öwrediş, tikinçilik we beýleki gurnaklar işleýär. Ondan başga-da, kitaphanalar, sport zallary we meýdançalary, kino zallary çagalaryň ýokary derejede dynç almagyny üpjün etmek bilen birlikde, olaryň gözýetiminiň giňemeginde, bedeniniň berkemeginde we türgenleşmeginde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Üns-alada bilen gurşalan çagalara orta okuw mekdepleriniň mugallymlary, sungat, sport hünärmenleri tälim hem terbiýe berýär. Bu merkezlerde ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary hem tejribelikde bolmak bilen, terbiýeçi mugallymlara ýardam berýär. Birinji iýunda Çagalary goramagyň halkara gününiň yzysüre badalga berilýän dynç alyş möwsümi altyn güýze çenli dowam edýär.