Diňe biziň ýurdumyzda däl, eýsem, daşarky bazarlarda hem öz işewürliginiň abraýyny ýokarlandyrmagy başarýan türkmen telekeçileriniň sany ýylsaýyn artýar. Şeýle kärhanalaryň biri-de, Mary welaýatynyň Oguz han etrabynda ýerleşýän «Agaýana» hususy kärhanasydyr.
Bu kärhanada daşyndan getirilýän önümleri ýurdumyzda öndürmek, senagat ugurly önümleriň önümçilik depginini artdyrmak ugrunda maksada gönükdirilen işler durmuşa geçirilýär.