Ýurdumyzyň altyn gaznasy

9 Iýul 2021
2006

Türkmenistanda telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldamak we ösdürmek döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda hem-de dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde hususy ulgama aýratyn orun degişlidir.

Bagtyýar zamanamyzda ýurdumyzyň ykdysadyýetini bazar gatnaşyklarynyň ýörelgeleri esasynda ösdürmek bilen, halk hojalyk toplumynyň döwlete dahylsyz ulgamyny netijeli hem-de sazlaşykly ösdürmäge gönükdirilen amatly hukuk, maliýe-ykdysady we durmuş şertleri döredilýär. Kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 2018 — 2024-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny yzygiderli amala aşyrmagyň çäklerinde hususy işewürler üçin ýer böleklerini bermegiň düzgünleriniň, karz, gümrük we söwda amallarynyň ýeňilleşdirilmegi, şeýle hem sebitlerde erkin ykdysady zolaklary döretmegi işjeňleşdirmek boýunça çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işler ýurdumyzda telekeçiligi işjeňleşdirmek arkaly durmuş-ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Täzegül JUMADURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy.