«Çeşmeli dagyň» ümzügi ileri

4 Iýul 2021
2083

Häzirki döwürde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýurdumyzda azyk bolçulygyny artdyrmakda, dürli görnüşli azyklyk ekinleri halkara tejribesi esasynda ekip, ösdürip, olardan hem bol hasyl almakda yhlasly zähmetlerini gaýgyrmaýarlar. Türkmen telekeçileriniň ýurdumyzyň azyk senagatyna mynasyp goşant goşmagyna döwlet tarapyndan hem köp ýeňillikler döredilýär. Olar döredilýän ýeňilliklerden ýerlikli peýdalanyp, ilatyň islegini kanagatlandyrmak ugrunda janypkeşlikli zähmet çekýärler.

Şeýle telekeçileriň birine Alty Dädebaýew diýýärler. Ol «Çeşmeli dag» hususy kärhanasynyň baş müdiri. Bu hususy kärhana 2008-nji ýylda açylyp, işe başlady. 2012-nji ýyldan bäri bolsa, Ahal welaýatynyň etraplarynda ýazky we güýzki ýeralmany ösdürip ýetişdirmekde önjeýli işleri alyp barýar. ýeralmany ösdürip ýetişdirmekde alyp barýan işleri dogrusynda hususy kärhananyň müdiri Hezret Azymow bize şeýle gürrüň berdi:

Laçyn SAMMAKOWA,
«Bereketli toprak». SURATLARDA: ýeralmaly ekin meýdanlaryndan görnüşler. Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.