Öňdebaryjy tehnologiýalar — rowaçlygyň bähbidine

10 Iýun 2021
2268

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna işjeň goşulyşýar. Ýurdumyzyň ylma we ýokary tehnologiýalara esaslanýan ykdysadyýeti durnukly ösýär. Täze-täze inženerçilik desgalary, binalar, zawod-fabrikler gurlup, önümçilige ornaşdyrylýar. Ykdysadyýetiň ösmegi bilen, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri ýokarlanýar. Şeýle şertlerde düýpgöter täze tehnikalarda we tehnologiýalarda öz ornuny tapýan ylmy pikirlerdir çözgütleriň başlangyjy bolan ylmyň ähmiýeti has hem artýar.

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde, 2015-nji ýylda Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary; innowasion ykdysadyýet; ynsanperwer ylymlary ýaly ugurlary tassyklandy.

Muhammedöwez GURBANNYÝAZOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň direktory, tehniki ylymlaryň doktory, professor.