Sagdyn köşekler

20 Aprel 2021
1883

Bäherden etrabynda maldarçylyga uly üns berlip, dowarlaryň we düýeleriň baş sanyny artdyrmakda oňat görkezijilere eýe bolunýar. Häzirki günlerde etrabyň hojalyklarynda düýelerden sagdyn köşekleri almak boýunça alnyp barylýan işler has-da guwandyrýar.

Öz işine yhlasly ýapyşýan maldarlar düýelerden köşek almak işini meýilnamalaýyn esasda alyp barýarlar. Aýry-aýry hojalyklaryň sarwanlary sagdyn köşekleri almakda aýratyn tapawutlanýarlar. Şaja Batyrow adyndaky daýhan birleşiginden Ýolaman Annaorazow, Garýagdy Popaýew, «Garaşsyzlyk» adyndaky daýhan birleşiginden Şageldi Saparow, Meretgeldi Saparow, S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginden Sähet Gurbanow, dagy düýelerden sagdyn köşekleri almakda beýlekilere görelde bolýarlar. Garagum sährasynyň «Mydar», «Goşakak», «Gyzyltakyr», «Boýurganly», «Aňkar» oýlarynyň töwereklerinde düýe bakýan bu sarwanlar ýaz otunyň oňat gögeren ýaýlalarynda mallaryň ine-gana ýazlamagyny gazanmak üçin olara yhlas bilen seredýärler. Olar yhlasly işiň hemişe üstünlikleri getirýändigine pugta ynanýarlar.

Gaýgysyz ANNANYÝAZOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.