Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady has-da berkidildi. Bu ulgamyň täze tehnikalar hem-de kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilmegi netijesinde ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hili ýokarlandy.
Ine, öňňin hem milli Liderimiz ilata gaýragoýulmasyz tiz kömek bermäge niýetlenilip, ýurdumyza getirilen lukmançylyk maksatly «ANSAT» kysymly täze dikuçar bilen tanyşdy. Bu waka ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmegiň we ösdürmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiz ynsan saglygyny ýurduň baş baýlygy hökmünde yglan edip, halkymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we ony öz wagtynda bejermek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýar.